| |
TÜRKMEN-TÜRK PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY
Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda 1992-nji ýylyň 2-nji maýynda gol çekilen Döwletara Memorandumyna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerindäki daşary ýurt maýa goýumly ilkinji bilelikdäki bank hökmünde, 1993-nji ýylyň 31-nji martynda döredildi.
Bankyň döredijileri Türkmenistan tarapyndan “Daýhanbank” Döwlet täjirçilik banky we Türkiýe Respublikasy tarapyndan Ziraat Bankydyr. Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Banky 1863-nji ýylda “Memleket sandyklary” (“Ýurduň gaznalary”) ady bilen döredilip, Türk milli bank ulgamynyň ilkinji nusgasy hasaplanýar. 1888-nji ýylyň 15-nji awgustynda “Memleket sandyklarynyň” ady Ziraat Banky diýip üýtgedildi. Ziraat Banky häzirki wagtda Türkiýäniň iň uly we güýçli banky bolup durýandyr. 2008-nji ýylyň 01-nji ýanwary ýagdaýyna, Ziraat Bankynyň aktiwleriniň jemi 68,5 milliard ABŞ dollaryna, esaslyk maýasy 2,1 milliard ABŞ dollaryna, balans peýdasy 2,35 milliard ABŞ dollaryna, arassa peýdasy bolsa 2,03 milliard ABŞ dollaryna deňdir. Bankyň 1.148 sany şahamçasy bolup, işgärleriniň sany jemi 20.690 adamdyr. Şeýle hem, öz işini dünýäniň 17 ýurdunda, ýagny Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Angliýada, Russiýada, Germaniýada, Fransiýada, Bolgariýada, Bosniýa-Gersogowinada, Azerbaýjanda, Özbegistanda, Gazagystanda ve Türkmenistanda alyp barýan Ziraat Bankynyň daşary ýurtlarda 12 sany şahamçasydyr wekilhanasy bilen 9 sany bilelikdäki banky bardyr.
Bulardan başga-da, Ziraat Banky Türkiýede „Ziraat Finansal Kiralama A.Ş.“, „Ziraat Ýatyrym Menkul Degerler A.Ş.“, „Ziraat Portföý Ýönetimi A.Ş.“, „Bileşim Alternatif Dagytym Kanallary we Ödeme Sistemleri A.Ş.“, „Fintek Finansal Teknoloji Hizmetleri A.Ş.“, „Arap Türk Bankasy A.Ş.“ ýaly birnäçe maliýe we bank tehnologiýalary şereketleriniň paýdary bolup durýar. Türkmenistanda bilelikdäki banky döretmek bilen, Türkiýe Respublikasynyň Ziraat Bankynyň maksady öz tejribesini paýlaşmak, iki doganlyk ýurduň arasyndaky ykdysady aragatnaşyklaryň ösmegine goşant goşmak, Türkiýeli we Türkmenistanly işewürlere maliýe taýdan goldaw bermek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bank hyzmatlarynyň täze görnüşlerini tejribä ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Şeýlelikde, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky ýapyk kysymly paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen we Türkmenistanyň bitewi bank ulgamyna girýän köp ugurly bank edarasydyr. Bank resmi taýdan işläp başlan döwründe müşderileriniň sany 34 bolup, häzirki wagtda Bankyň müşderileriniň sany 4000-den gowrakdyr. Müşderileriň arasynda daşary ýurt ilçihanalarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we beýleki abraýly halkara guramalrynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň bolmagy Bankymyzyň abraýyny artdyrmak bilen bir hatarda, müşderilere has kämil bank hyzmatlaryny etmek boýunça jogapkärçiligini ýokarlandyrýar.
Şeýle hem, Bankymyz 2000-nji dekabr aýyndan bäri “Yslam Ösüş Bankynyň agzasy bolan ýurtlaryň milli ösüş maliýe guramalarynyň birleşmesiniň” (ADFIMI-niň) agzasy bolup durýar. Garaşsyz we baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypany açan Beýik Galkynyşlar eýýamynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeleriň durmuşa pugta ornaşdyrylmagyna öz goşandyny goşýan Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky milli pulumyzyň hümmetini ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, müşderilere berilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek, hususy telekeçilik işini karzlaşdyrmak ýaly ugurlar boýunça işleri yzygiderli alyp barýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 27-nji dekabrynda çykaran 9328 belgili „Türkmenistanda daşary ýurt pulunda geçirilýän amallary kämilleşdirmegiň meseleleri hakynda“ we 2008-nji ýylyň 30-njy maýynda çykaran 9847 belgili „Daşary ýurt puluny kadalaşdyrmak we milli puluň ýeke-täk hümmetini saklamak boýunça esasy çäreler hakynda“ Kararlaryndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, Bankymyz tarapyndan 5 sany nagt daşary ýurt pullaryny alyş-çalyş nokady açylandyr. Bankyň baş binasynda, şeýle hem Aşgabat şäheriniň merkezi böleginde ýerleşýän „Gülistan“ we „Ýimpaş“ söwda merkezinde, şeýle hem ilatyň gelim-gidimli ýerleri bolan „Paýtagt“ söwda kärhanasynyň bazarynda we Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň binasynda hereket edýän bu alyş-çalyş nokatlary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we onuň myhmanlaryna hyzmat edýärler. Bankyň baş binasynda ýerleşýän daşary ýurt pullaryny alyş-çalyş nokadynyň gije-gündiz iş tertibine geçirilmegi bilen bolsa müşderilere goşmaça amatlyklar döredildi.
Türkmenistanyň Bankara walýuta biržasynyň agzasy bolmak bilen, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanyň daşary ykdysady aragatnaşyklarynyň gatnaşyjysy bolup durýan edara görnüşli taraplaryň we hususy telekeçileriň isleglerini kanagatlandyrmak, şeýle hem Banka degişli daşary ýurt pullaryny alyş-çalyş nokatlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek üçin biržanyň söwdalaryna yzygiderli gatnaşýar. Ýurdumyzyň bank ulgamyna girýän ähli banklar bilen bir hatarda, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 27-nji awgustyndaky Kararyna laýyklykda, 2009-njy ýylda Türkmenistanyň milli pul birliginiň denominasiýasyny geçirmek (puluň gymmatyny üýtgetmek) babatynda degişli işleri alyp barýar. Bu işleriň çäklerinde, milli manadyň köne nusgalarynyň täze nusgalaryna çalyşylmagy, 2009-njy ýylyň 01-nji ýanwaryndan milli pul birliginiň täze görkezilen gymmaty boýunça nagt we nagt däl hasaplaşyklarda ulanylmagy bilen baglanyşykly zerur bolan guramaçylyk we tehniki çäreler görülýär. Şeýle hem, ilatyň arasynda denominasiýanyň ähmiýeti, amatly taraplary we ony amala aşyrmagyň tertibi barada düşündiriş işleri ýaýbaňlandyryldy.
Häzirki wagtda Bankyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biri hem, töleg ulgamyny kämilleşdirmek bolup durýar. Bu babatda, hususan-da, nagt däl hasaplaşyklardyr tölegleriň geriminiň giňeldilmegi bilen baglanyşyklylykda, töleg serişdesi hökmünde dünýäniň ençeme ýurtlarynda giňden ulanylýan çek amallarynyň tejribä ornaşdyrylmagynyň we ýaýradylmagynyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Şeýle hem, dünýäde giňden ýaýran “Visa” we “Mastercard” ýaly halkara töleg kardlary boýunça hyzmatlary ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bulardan başga-da, müşderileriň tabşyryklary boýunça geçirilýän amallaryň (tölegleriň) tizligini artdyrmak we ygtybarlylygyny has ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly seljeriş işleri geçirilýär. Munuň bilen baglanyşyklylykda, birinji derejeli daşary ýurt banklarynda habarlaşyk (aragatnaşyk) hasaplarynyň açylmagy we Bankyň halkara SWIFT ulgamyna goşulmagy netijesinde, berilýän hyzmatlaryň has kämil bolmagy, ýerine ýetirilýän bank amallarynyň halkara standartlarynyň derejesine ýetirilmegine we müşderileriň hasaplaşyklarydyr tölegleriniň has çalt amala aşyrylmagy baradaky islegleriniň doly kanagatlandyrylmagy üpjün ediler.
Täze ykdysady şertlerde ilatdan we kärhanalardan çekilýän serişdeleriň möçberini artyrmaklyga we çekilen serişdeleri karzlardyr maýa goýumlar görnüşinde ulanmaklyga ünsi güýçlendirmek bilen, Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, goýumlar boýunça teklip edilýän göterimleriň özüne çekiji we amatly bolmagyny üpjün etmek üçin, çekilýän we ýerleşdirilýän serişdeler boýunça göterimleriň sazlaşykly bolmagyna ähmiýet berýär. Munuň bilen bir hatarda, goýumlaryň dürli görnüşleri işlenip düzülende we olar boýunça tölenjek göterimlerdir, goýumlaryň möhletleri kesgitlenende müşderileriň islegleri göz öňünde tutulýar. Paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilen bank edarasy bolmak bilen, esasan, hususy pudaga degişli kärhanalaradyr hususy telekeçilere hyzmat edýän Türkmen-Türk paýdarlar täjirçilik banky, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmek işine goşant goşmaklygy, hususy kärhanalardyr telekeçiler üçin oňaýly şertleri döretmekligi esasy wezipeleriniň biri hasaplaýar. Şonuň üçin hem, bu görnüşdäki müşderiler üçin ýeňillikleriň döredilmegine, ýagny olar babatynda hyzmatlar üçin alynýan ýygymlaryň has çeýe ulgamynyň ulanylmagyna, bankyň öz serişdelerini we çekilen serişdeleriň hasabyna telekeçilik işini maliýeleşdirmekligiň çäklerinde berilýan karzlaryň göterim derejeleriniň amatly bolmagyna, şeýle hem bank amallary boýunça telekeçilere dürli görnüşdäki maslahatlaryň berilmegine ähmiýet berilýär.
Başda belleýşimiz ýaly, öz işjeňligini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkyň we ýurduň ykdysady derejesini ýokary galdyrmaga gönükdirilen syýasy we ykdysady ýörelgelerinden ugur alyp amala aşyrýan Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, müşderilere edilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we gerimini giňeltmek, täze tilsimatlary ornaşdyrmak ýoly bilen hyzmatlaryň gysga wagtyň içinde we has kämil amala aşyrylmagyny gazanmak ýaly çäreler arkaly bankyň ykdysady durnuklylygyny mundan beýläk hem gorap saklamak we müşderileriň banka bolan ynamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, işgärleriň bilim we başarnyklaryna bagly bolup durýar. Şu nukdaý nazardan, işgärleriň bilim we hünär derejesini üznüksiz ýokarlandyrmak maksady bilen, Bankda ykdysady okuwlar yzygiderli geçirilýär. Ýörite işlenip düzülen Okuw Maksatnamasyna laýyklykda geçirilýän okuw sapaklarynda ykdysady we bank nazaryýetiniň, dünýä we Türkmenistanyň ykdysadyýetine bolup geçýän täzeliklerdir özgerişleriň, täze kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň içgin öwrenilmegine we bankyň işgärleriniň bu ugurlardaky bilimleriniň çuňlaşdyrylmagyna üns berilýär.
Ýurdumyzyň maliýe we bank ulgamynda düýpli özgerişiklikleriň amala aşyrylýan häzirki döwründe bank ulgamynda bolup geçýän täzelikleri ilatyň dykgatyna yzygiderli ýetirmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şonuň üçin hem, bank tarapyndan berilýän hyzmatlar baradaky maglumatlary özünde jemleýän neşir önümleriniň ilatyň arasynda ýaýradylmagy we bank baradaky makalalaryň ýurdumyzyň döwürleýin metbugatynda çap edilmegi bilen bir hatarda, öz Internet sahypasynyň açylmagy netijesinde bankyň gysgaça taryhy, guramaçylyk düzümi, ýerine ýetirýän amallarydyr hödürleýän hyzmatlary, bankyň durmuşynda bolup geçýän täzelikler baradaky maglumatlaryň giň halk köpçüligine çalt we yzygiderli ýetirilmegi üpjün ediler. Täze Galkynyşlar eýýamynda ýurdumyzyň bank ulgamynyň mundan beýläk-de ösmegine öz goşandyny goşýan Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik banky, berilýän hyzmatlaryň görnüşlerini köpeltmek we olary hil taýdan has-da kämilleşdirmek üçin ýakyn geljekde aşakdaky ugurlar boýunça işjeňligini güýçlendirmegi ilkinji nobatdaky wezipeleriniň biri hasaplaýar:
ilatyň we kärhana-guramalaryň pul serişdelerini çekmek we olary karzlara we maýa goýumlaryna gönükdirmek boýunça işjeňliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, bankyň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynda bankyň işjeňligini ýola goýmak, goýumçylaryň we bankyň beýleki kreditorlarynyň bähbitleriniň goralmagyny güýçlendirmek, töwekgelçiligi dolandyrmagyň netijeli ulgamyny gurnamak, kiçi we orta işewürligi alyp barýan telekeçilerdir ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, döwletiň sosial syýasatyny durmuşa geçirmek maksatlarynda, ýaşaýyş jaý, bilim we sarp ediş karzlarynyň gerimini giňeltmek arkaly ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna goşant goşmak, töleg ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şol sanda nagt däl tölegleri giňeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmak, maglumatlary alyşmagyň döwrebap tehnologiýalaryny we usullaryny ornaşdyrmak, maglumat ulgamlarynyň goraglylygyny ýokarlandyrmak, hasaplaşyklara gatnaşýan ähli taraplara çalt, netijeli we ygtybarly hyzmat edilmegini üpjün etmek.
XXI asyrda – Türkmen halkynyň Altyn Asyrynda ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, müşderilere edilýän hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirimäge, olaryň bähbitlerini goramaga, işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, hemme taraplaýyn amatly, döwrebap bank hyzmatlaryny etmäge Türkmen-Türk Paýdarlar täjirçilik bankynyň hünärmenleri mydama taýýardyr. | |